Bir zadyň içinde bolan, içindäki.
Elli haty hem alyp, içki jaýa girip, işigi çekdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Içki otagdan Pälwan Aganyň sesi eşidilýärdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
Daş çykarylman, içden edilýän (pikir, duýgy, we ş. m. barada).
Men siziň içki pikiriňizi daşky ýüzüňizden görýän ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ýazyjy öz gahrymanynyň içki duýgularyny ýazmakda ep-esli öňe gidýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Içden geçilýän.
Ol diňe içki geýiminden galdy.
Göçme manyda Bir guramanyň, döwletiň içki durmuşyna degişli bolan.
Ezizi Tejeniň hany diýip tanaýardylar, onuň içki işine hiç wagt-da päsgel bermezlige sert goýýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)