Gaty gaharyňy getirýän, janyňy ýakýan, dikdüşdi.
Oňun ýaly içýakgyç adamyny biziň jemgyýetimizde men henize çenli görmändim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Sary çaýyny owurtlap, içýakgyç habar gatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem içýakgyç - içýakgyjy.