hynçgyrmak hynç‧gyr‧mak işlik

  1. Aňňyrjak ýaly edip çala ses çykarmak, sojamak (eşek hakda).

    • Gandym awçynyň howla girenini görüp, sygyr-goýunlar hantamaçylyk bilen dyzynyşdylar, eşek hynçgyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Daňylgy duran eşek bolsa öz ýanyna barylmadygy üçin kemsinýän ýaly hynçgyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Demini içine çekip, içigip aglamak, demi içine sygman demigip aglamak.


Duş gelýän formalary
  • hynçgyran
  • hynçgyranyna
  • hynçgyranyny
  • hynçgyrdy
  • hynçgyrdy-da
  • hynçgyrmaga
  • hynçgyrmagyň
  • hynçgyrmak
  • hynçgyrmakçy
  • hynçgyrmalaryndan
  • hynçgyryp