Ýere batly oturtmak, ýere batly urmak.
Bahar ýerinden turup, onuň donunyň ýakasyndan ebşir tutdy we ýokary galdyrdy-da, ýene oturgyja hylçyldadyp goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Jogap ber, haramazada bularam töhmetmi, senden soralýar?! -- diýip, ony ýokaryk göterip, bat bilen oturgyjyna hylçyldadyp urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem hylçyldatmak - hylçyldadýar, hylçyldadar, hylçyldadypdyr.