hyýal hy‧ýal

[hyýa:l]

Bir pikir, iş barada döreýän meýil, isleg, arzuw.

  • Ýeri, mirap, bu gün näme hyýal geldi saňa! -- diýip sorady. (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly)

  • Perrondaky eden hyýallary hem arzuwlary biderek boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Dag başy dumansyz bolmaz, är başy-hyýalsyz. (nakyl)

gury hyýal

Boş pikir.

  • Bu hereketleriň hemmesi gury hyýal ýa-da bir süýji düýşe meňzeýän bir zatlardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • hyýala
  • hyýalam
  • hyýalda
  • hyýaldaky
  • hyýaldan
  • hyýaldy
  • hyýaldygyna
  • hyýaldygyndan
  • hyýaldygyny
  • hyýaldyr
  • hyýallar
  • hyýallara
  • hyýallardan
  • hyýallary
  • hyýallarydyr
  • hyýallarym
  • hyýallaryma
  • hyýallarymmyka
  • hyýallarymyzy
  • hyýallarymyň
  • hyýallaryna
  • hyýallarynda
  • hyýallaryndan
  • hyýallaryny
  • hyýallarynyň
  • hyýallaryň
  • hyýallaryňy
  • hyýally
  • hyýallygy
  • hyýallygyna
  • hyýallyk
  • hyýallylyk
  • hyýalmy
  • hyýalsyz
  • hyýaly
  • hyýalydy
  • hyýalym
  • hyýalyma
  • hyýalymam
  • hyýalymda
  • hyýalymdaky
  • hyýalymy
  • hyýalymyz
  • hyýalymyzda
  • hyýalymyzdaky
  • hyýalymyň
  • hyýalyn
  • hyýalyna
  • hyýalynda
  • hyýalyndaky
  • hyýalyndan
  • hyýalyny
  • hyýalynyň
  • hyýalyň
  • hyýalyňa
  • hyýalyňam
  • hyýalyňda
  • hyýalyňdaky
  • hyýalyňdan
  • hyýalyňy
  • hyýalyňyz
  • hyýalyňyň