Nahar, çorba we ş. m. bişirmek üçin, çörek bilen iýmek üçin gerekli iýmit (gowurma, et, ýag).
Kimdir biri: -- Hurşumyz hem gutardy, indi dänämizem azaldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Asyl bu arpa oragyna näçe gün galdyka? -- diýdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.
Meselem huruş - hurşum, hurşuň, hurşy.