huş huş at

[hu:ş]

Adamyň sagdyn aňy, ýady, öz bolşuna, duýgusyna akyl ýetirijilik ukyby.

  • Ol nämedir bir zady huşuna saljak bolýan ýaly küýlenip otyrdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem huş - huşum, huşuň.

başyňdan huşuňy uçurmak

Biriniň ýa-da bir zadyň güýçli täsiri ýetmek, aljyramak.

huşuna gelmek

Aňyna gelmek, özüne gelmek, akylyna aýlanmak.

  • Artyk öz huşuna geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

huşuny almak

Aljyratmak, çaşyrmak.

  • Meniň gyzym huşuny aldyraýypdyr öýdýärin! Heý günde ýüz gezek hem salam bolarmy?! («Türkmen pýesalary»)

huşuň gitmek

Ýatkeşligiň peselmek, aňynyň gaçmak.

  • Aý, Görogly, Seniň huşuň gidipdir! («Görogly» eposy)

huşuň göçmek

Huşuň gitmek, huşuň başyňdan aýrylmak.

  • Emma onuň başy aýlanyp, huşy göçdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

huşuňy ýitirmek

Näme edýäniňi bilmän aljyramak, alňasamak, gyssanmak, özüňi ýitirmek.

  • Aýna özüni Artygyň gujagyna oklanda, bütin huşuny ýitirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • huş-da
  • huşa
  • huşda
  • huşdan
  • huşdanmy
  • huşdy
  • huşlary
  • huşlulykdan
  • huşly
  • huşsuz
  • huşsuzlygym
  • huşsuzlygymy
  • huşsuzlygynda
  • huşsuzlyk
  • huşum
  • huşuma
  • huşumda
  • huşumdan
  • huşummy
  • huşumy
  • huşumyz
  • huşumyzdamy
  • huşumyzy
  • huşuna
  • huşunda
  • huşundaky
  • huşundan
  • huşuny
  • huşunyň
  • huşuň
  • huşuňa
  • huşuňda
  • huşuňdan
  • huşuňy
  • huşuňyza
  • huşy