Howlukmaç deprenmek, gyssagly ýagdaýa düşmek, gyssanmak.
Näme, beýle howlukdyň?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol çörek bişirmek, nahar häzirlemek işine howlugýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bisabyrlyk etmek, alňasamak.
Sabyr et, oglum, howlukma, basym bolar! («Görogly» eposy)
Oglan howlugar, tut wagtynda bişer. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem howlukmak - howlugýar, howlugar, howlugypdyr.
seret ajal
Eý goja, ajalyňa howlukmaýan bolsaň, gapydan aýryl! («Türkmen pýesalary»)