Gyssagly ýagdaýda, gyssagly, gyssanmaç.
Aýsoltan näme üçin beýle howlukmaç gaýtdy? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Garly ussa zatlaryny howlukmaç ýygnaşdyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem howlukmaç - howlukmajy.