horlanmak işlik

[ho:rlanmak]

  1. Arryklamak, iglemek.

    • Ol horlanyp, çöpe dönüpdir.

  2. Jebir-sütem çekmek, görgi görmek, azap görmek, ezilmek.

    • Biz bu ýerde gaty horlandyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Gytçylyk çekmek, mätäçlige sezewar bolmak.

    • Puldan-zatdan horlansaňyz, duýduryň! (D. Agamämmedow, Goşgular we pýesalar)


Duş gelýän formalary
  • horlanan
  • horlananam
  • horlanandygy
  • horlanandygyny
  • horlanandyklaryny
  • horlanandyr
  • horlananlara
  • horlananlaryň
  • horlananmyş
  • horlanany
  • horlananym
  • horlananyny
  • horlanardylar
  • horlanarlar
  • horlanarsyňyz
  • horlanarys
  • horlandy
  • horlandyk
  • horlandym
  • horlanlygy
  • horlanmaga
  • horlanmagy
  • horlanmagyna
  • horlanmagynyň
  • horlanmagyň
  • horlanmak
  • horlanmaklyk
  • horlanmaly
  • horlanman
  • horlanmandyr
  • horlanmasa
  • horlanmaz
  • horlanmaýar
  • horlansa-da
  • horlansam
  • horlansaňyz
  • horlansyn
  • horlanyp
  • horlanypdy
  • horlanypdyr
  • horlanypdyrlar
  • horlanypsyň
  • horlanyň
  • horlanýan
  • horlanýandygy
  • horlanýandygyny
  • horlanýandyklaryna
  • horlanýandyklaryndan
  • horlanýanlygy
  • horlanýanyna
  • horlanýanyň
  • horlanýar
  • horlanýardy
  • horlanýarka
  • horlanýarlar