hoşlaşmak hoş‧laş‧mak işlik

  1. Biriniň ýanyndan aýrylyp gideniňde, ugradanyňda we ş. m. ýagdaýda «hoş, sag bol» diýişmek, hoş arzuw edişmek, sagbollaşmak.

    • Durdy oturanlar bilen hoşlaşdy-da, çykyp gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Oňun bilen indiki duşuşyga çenli çynlakaý hoşlaşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Gepleşik dili Giden zatdan el üzmek, gitse-gitsin diýip razy bolmak.


Duş gelýän formalary
  • hoşlaşaly
  • hoşlaşalyň
  • hoşlaşan
  • hoşlaşanda
  • hoşlaşanlarynda
  • hoşlaşansoň
  • hoşlaşany
  • hoşlaşanymda
  • hoşlaşanyny
  • hoşlaşardy
  • hoşlaşaryn
  • hoşlaşaý
  • hoşlaşaýmaly
  • hoşlaşdy
  • hoşlaşdy-da
  • hoşlaşdyk
  • hoşlaşdylar
  • hoşlaşdym
  • hoşlaşjagyna
  • hoşlaşjak
  • hoşlaşmaga
  • hoşlaşmaga-da
  • hoşlaşmagy
  • hoşlaşmagymyz
  • hoşlaşmagyna
  • hoşlaşmagyny
  • hoşlaşmagyň
  • hoşlaşmajak
  • hoşlaşmak
  • hoşlaşmaklyk
  • hoşlaşmakçy
  • hoşlaşmalam
  • hoşlaşmaly
  • hoşlaşmalydy
  • hoşlaşman
  • hoşlaşmana
  • hoşlaşmany
  • hoşlaşmasy
  • hoşlaşmasyny
  • hoşlaşmazdan
  • hoşlaşsam
  • hoşlaşsaň
  • hoşlaşsynlar
  • hoşlaşyp
  • hoşlaşypdy
  • hoşlaşypdylar
  • hoşlaşypdym
  • hoşlaşypdyr
  • hoşlaşypdyr-da
  • hoşlaşyň
  • hoşlaşýan
  • hoşlaşýana
  • hoşlaşýanyma
  • hoşlaşýanyna
  • hoşlaşýar
  • hoşlaşýardylar
  • hoşlaşýarka
  • hoşlaşýarys