hilegärlik

[hi:legärlik]

Hilegäre has bolan gylyk-häsiýet, hile bilen edilýän hereket, hilebazlyk, mekirlik, aldawçylyk.

  • Wepanyň bu görnüşi, oýnap duran gözleri indi garakçylaryň gözüne mekirlik we hilegärlik sypata öwrülipdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ýene bu ýerde bir hilegärlik bolaýmasyn! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hilegärlik - hilegärligi.


Duş gelýän formalary
  • hilegärlige
  • hilegärligi
  • hilegärliginden
  • hilegärligine
  • hilegärligini
  • hilegärliginiň
  • hilegärligiň
  • hilegärlikde
  • hilegärlikden
  • hilegärliklere
  • hilegärlikleri
  • hilegärliklerini
  • hilegärlikli