hilegär

[hi:legär]

Hilebazlykda tapawutlanýan, mekirlige ýüz uran, hilebaz, aldawçy, emelkeş.

  • Hilegärler girse goýun dersine, Gurt bolup topulgyn olaň sürsüne. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Bu hilegär sesi eşidip Gurban, ýoldaşlary bilen çekildi yza. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • hilegäre
  • hilegäri
  • hilegäriň
  • hilegärler
  • hilegärli
  • hilegärlige
  • hilegärligi
  • hilegärliginden
  • hilegärligine
  • hilegärligini
  • hilegärliginiň
  • hilegärligiň
  • hilegärlik
  • hilegärlikde
  • hilegärlikden
  • hilegärsiň