hiňlenmek işlik

Aýdymyň sözlerini eşidiler-eşidilmez aýdyp, çalajadan heň etmek, ýuwaşjadan aýdym aýtmak, hiňňildemek.

  • Ol at aýagynyň tabyrdysyna goşup hiňlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Garlynyň uly ogly düýe etiniň gaýnatmasyndan garnyny dolduryp, ýuwaşja aýdyma hiňlenýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • hiňlendi
  • hiňlendi-de
  • hiňlendiler
  • hiňlendim
  • hiňlenen
  • hiňlenende
  • hiňlenenini
  • hiňleneniňi
  • hiňlenerdi
  • hiňlenerdim
  • hiňlenip
  • hiňlenipdir
  • hiňlenme
  • hiňlenmegi
  • hiňlenmegim
  • hiňlenmek
  • hiňlenmesi
  • hiňlenmesini
  • hiňlenmesiniň
  • hiňlenmäge
  • hiňlenmän
  • hiňlenmäni
  • hiňlenseň
  • hiňlenäýmese
  • hiňlenýän
  • hiňlenýär
  • hiňlenýärdi
  • hiňlenýärdiler
  • hiňlenýärdim
  • hiňlenýärin