hezil he‧zil

Örän oňat, diýseň gowy, gyzykly, şatlykly, ajap, şagalaňly, keýpli, mazaly.

  • Ajap hoş sapaly hezil çagymyz, Güller ysyn seçsin diýip ýaz geldi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Gurt bolsa bu gürrüňleri pugta diňleýär, kä ýerinde hezil edip gülýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

hezili gaçmak

  1. Sähelçe bölegi galmak, gutaryp barmak, azalmak.

    • Gawun hasylynyň hezili gaçypdy.

  2. Topdan düşmek, haly gaçmak, haly peselmek, essi aýylmak (hassa hakda).

    • Onuň gün-günden hezili gaçýar.

hezilini almak

Mazasyny gaçyrmak, ugruny gaçyrmak, aljyratmak.

  • Dagy-duwara biziň gapymyza köw salaýsaň, heziliňi alaryn! -- diýip, onuň yzyndan hemle urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

heziliň gaçmak

Tapdan düşmek, halyň gaçmak, essiň aýylmak; Bir meselede, sözde basylyp, ugruň bolmazlyk.


Duş gelýän formalary
  • hezildi
  • hezildiler
  • hezildir
  • hezilem
  • hezili
  • hezilim
  • hezilimi
  • hezilin
  • heziline
  • hezilini
  • heziliň
  • heziliňi
  • heziliňizi
  • heziller
  • hezillige
  • hezilligem
  • hezilligi
  • hezilligine
  • hezilligini
  • hezilligiň
  • hezillik
  • hezilmi
  • hezilsizem