helemhüjik he‧lem‧hü‧jik

Gepleşik dili Eýle-beýle, sähelçe, kiçijik.

  • Ol helemhüjik zatdan gorkar ýaly warryk batyr däl ahyry -- diýip, Myrat ýalama Tüýlä, gyjyt berdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Näme-de bolsa, helemhüjik zat däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem helemhüjik - helemhüjigi.