Bir meňzeş predmetlerden göni düzülen setir, sap.
Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz. (nakyl)
Bir ugra uzalyp giden öýler, syrgyn.
Artyklaryň hatary ýaly mähnet baržalara tirkeşip barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gaplanylan ok, peşeň salnyp biliňe guşanylýan, gaýyşdan ýa-da brezentden ýörite tikilen enjam, patrondaş.
Eline tüpeň berýär, boýnuna hatary geýdirýär. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ulanyşdan galmak, bozulmak, zaýalanmak, könelmek.
Ýoluň şu ýagdaýynda maşynlar tiz hatardan çykýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gorkuly, wehimli, howply.
Emma ol geçelge ýönekeý, aňsatja geçäýmeli ýer bolman, gaty hatar ýer ekeni, ondan diňe batyrlar geçip biljek ekeni. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Oglum, ägä bolgun, ýollaryň hatar! («Sowet edebiýaty» žurnaly)