hasaplanmak ha‧sap‧lan‧mak işlik

[hasa:planmak]

  1. Hasap edilip görülmek, hasaby alynmak, jemi çykarylmak, jemlenmek, sanalmak.

    • Bu üç süriniň hem iň howplusy ortaky bilen sag tarapdakysy hasaplandy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir zadyň ýa-da biriniň hatarynda görülmek, saýylmak, deňelmek.

    • Men redaksiýanyň köneräk işgärlerinden hasaplansam-da, bu adamyny ilkinji gezek görüpdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Annam çal örän agyzly arçynlardan hasaplanýardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • hasaplanan
  • hasaplananda
  • hasaplanandan
  • hasaplanandygy
  • hasaplanandygyny
  • hasaplanandyr
  • hasaplananlaryň
  • hasaplananlygy
  • hasaplananok
  • hasaplanansoň
  • hasaplanany
  • hasaplananyndan
  • hasaplananyny
  • hasaplanar
  • hasaplanardy
  • hasaplandy
  • hasaplandygy
  • hasaplandygyny
  • hasaplandyr
  • hasaplanjak
  • hasaplanjakdygyny
  • hasaplanlarynda
  • hasaplanlaryny
  • hasaplanlarynyň
  • hasaplanma
  • hasaplanmady
  • hasaplanmadyk
  • hasaplanmaga
  • hasaplanmagy
  • hasaplanmagyna
  • hasaplanmagynda
  • hasaplanmagyny
  • hasaplanmagynyň
  • hasaplanmak
  • hasaplanmalary
  • hasaplanmaly
  • hasaplanmalydy
  • hasaplanmalydyr
  • hasaplanmalydyrlar
  • hasaplanman
  • hasaplanmandyr
  • hasaplanmasa
  • hasaplanmasa-da
  • hasaplanmasynda
  • hasaplanmasynyň
  • hasaplanmaz
  • hasaplanmazlygyna
  • hasaplanmaýan
  • hasaplanmaýar
  • hasaplanmaýardy
  • hasaplanmaýarlar
  • hasaplansa
  • hasaplansa-da
  • hasaplansam-da
  • hasaplanybam
  • hasaplanyp
  • hasaplanypdy
  • hasaplanypdyr
  • hasaplanypdyrlar
  • hasaplanyň
  • hasaplanýan
  • hasaplanýandygy
  • hasaplanýandygyna
  • hasaplanýandygyny
  • hasaplanýandyklaryny
  • hasaplanýandyr
  • hasaplanýandyrlar
  • hasaplanýanlar
  • hasaplanýanlygyny
  • hasaplanýany
  • hasaplanýar
  • hasaplanýar-da
  • hasaplanýardy
  • hasaplanýardylar
  • hasaplanýardym
  • hasaplanýarlar
  • hasaplanýarmy
  • hasaplanýarsyňyzmy