hasaplaşmak ha‧sap‧laş‧mak işlik

[hasa:plaşmak]

  1. Hasabyny alyşmak, jemini çykarylmak, jemleşmek, sanaşmak.

  2. Algy-bergiňi hasap edip üzülişmek.

    • Galanyny bolsa ýeneki ýyllarda hasaplaşarys gideris. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Emläk bilen hasaplaşmaly bolanda, ol ýene-de şol köne hasaby tutdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  3. Göçme manyda Aryňy almak, aryňy ýerine salmak.

    • Hop, bolýar-da, wagt geler, seniň bilen hasplaşaryn! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • hasaplaşaly
  • hasaplaşanda
  • hasaplaşandan
  • hasaplaşanlaryny
  • hasaplaşanymdan
  • hasaplaşanyny
  • hasaplaşarys
  • hasaplaşdy
  • hasaplaşdyk
  • hasaplaşjak
  • hasaplaşjakdygy
  • hasaplaşma
  • hasaplaşmaga
  • hasaplaşmagy
  • hasaplaşmagyny
  • hasaplaşmagyň
  • hasaplaşmak
  • hasaplaşmakda
  • hasaplaşmakdan
  • hasaplaşmakçy
  • hasaplaşmalary
  • hasaplaşmaly
  • hasaplaşmalydyrlar
  • hasaplaşman
  • hasaplaşmandygyny
  • hasaplaşmandyr
  • hasaplaşmasa-da
  • hasaplaşsa
  • hasaplaşyp
  • hasaplaşypdyrlar
  • hasaplaşýan
  • hasaplaşýar
  • hasaplaşýardylar
  • hasaplaşýarlar