[harasa:t]
Tozan gatyşykly güýçli ýel, gaý, tupan.
Güýçli harasat turup, çöwşi gazygyn gopardy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Gije çapgyn şemal harasat turzup, Agyr gary ýerden göge sowurýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Gowga, jenjel, uruş, söweş.
Sen alyny gara, şol harasat gopan ýylda, özüň nämedigiňi tanadyp gitdiň. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Duşmanyň başynda gopdyrys harasat. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Adamda ýüze çykýan güýçli alada, howsala.
Onuň gyzgyn çaýdan, agyr aýdan çygjaran tenine biraz şemal çalsa-da, ýüreginden turan harasada ondan teselli bolmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem harasat - harasady.