[hara:platmak]
Harap etdirmek, bibat etdirmek, sandan çykartmak, derege ýaramsyz etdirmek.
Motoryňy görene mündürip harapladypsyň.
Harap etdirmek, bulam-bujar etdirmek, hapalatmak.
Maşyn sürjek diýip, egin-başyňy harapladypsyň.
Porsatdyrmak, yslandyrmak, zaýalatmak (iýilýän önümler hakda).
Ölen mallaryň etini wagtynda ibermän haraplatmak bolmaz.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem haraplatmak - harapladýar, harapladar, harapladypdyr.