haraplamak ha‧rap‧la‧mak işlik

[hara:plamak]

  1. Harap etmek, bibat etmek, sandan çykarmak, derege ýaramaz ýaly etmek, zaýalamak.

    • Sen maşyny harapladyň, ýene biz seniň bilen deň bolmadyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Hapa etmek, bulam-bujar etmek, hapalamak.

    • Towuklaryň dünýäni haraplaýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Porsatmak, yslandyrmak, zaýalamak (Iýilýän önümler Hakda).

    • Gök önümleri wagtynda ýygnaman haraplapdyrlar.

  4. Göçme manyda Ugruny gaçyrmak, mazasyny bozmak.

    • Sen onuň keýpini haraplapsyň.


Duş gelýän formalary
  • harapladyň
  • haraplajak
  • haraplamak
  • haraplaman
  • haraplandyr
  • haraplap
  • haraplapdyrlar
  • haraplapdyryn
  • haraplapsyň
  • haraplar
  • haraplaýar