[hara:p]
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem harap - haraby.
Keýpi bozuk, keýpsiz, halsyz, mazasyz.
Döwlüp-ýenjilmek, ýykylyp-ýumrulmak, ulanyşdan galmak, bibat bolmak.
Ýa ýolda maşyn harap boldumyka?! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Zaýalanmak, haraplanmak, erbetleşmek.
Dogrudan hem, munuň ýaly «kän» okasaň, gözüň harap bolaýmasyn! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Ýoldan çykmak, bozulmak, azmak.
Men bir harap bolan adam, başga hiç zat däl. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Döwüp-ýençmek, ýykyp-ýumurmak, bibat etmek.
Ol agşama çenli köp ýeri harap etjekdi;.
Zaýalamak, haraplamak, erbetleşdirmek.
Şol batly gaýdyşyma tara gazygy böwrümi harap etse-de ederdi. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)