[hara:mza:dalyk]
Gepleşik dili Gelşiksiz, ýaramaz hereket, iş, gabahatçylykly iş.
Şol haramzadalyklara gany gyzan Çernyşow birdenkä Osipowyň üstünden düşenini duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aýtak Allaýarow şeýle haramzadalyga baş urar diýen oý kimiň akylyna geljek. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem haramzadalyk - haramzadalygy.