[hara:m]
Dini söz Yslam dininiň kada-kanunyna görä, ygtyýar edilmedik, şerigata laýyk gelmeýän, halal däl (iýlip-içilýän, eýeçilik edilýän we ş. m. zatlar hakda).
Haram ölen mallaryňyzy raýon mal doktoryňyz tassyk etmejek bolsa, maňa aýdaýyň! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Göçme manyda Kanuny däl, hak däl, arassa bolmadyk.
Göçme manyda Nejis, ýigrenji.
Belki, oňa haram ýyrtyjy penjesini uzadandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Haram ýüzi gara, suwa gitse-de, edil ýatymlyk giden ýaly bolaýýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Eden işiň, hereketiň, iýen zadyň özüňe nesip etmezlik.
Men gitmesem «haram bolsun» iýeniň -- diýip, maňa gargamazmyň, eje jan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Biderek bolmak, görnetin harap bolmak, erbet zaýalanmak.
Suw ýatdy, gurady ekin, tohumlar harama çykdy. (Çary Aşyr, Poemalar)
Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar. (nakyl)