harabalyk ha‧ra‧ba‧lyk

[hara:balyk]

Haraba bolup galan köne ýurt, ýumrulyp galan jaýlar.

  • Ah, näletli uruş näçe harabalyklar döretdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Şol goýunlaryň eýesiniň ýaşaýan obalarynyň gündogar tarapynda bir harabalyk bardyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem harabalyk - harabalygy.


Duş gelýän formalary
  • harabalyga
  • harabalygy
  • harabalygyna
  • harabalygynda
  • harabalygyndan
  • harabalygyny
  • harabalygynyň
  • harabalygyň
  • harabalykda
  • harabalykdan
  • harabalyklar
  • harabalyklary
  • harabalyklarynyň
  • harabalyklaryň