Eklenç, ýaşaýyş üçin sarp edilýän serişde, harajat, pul, sowalga.
Emma ol özüniň her aýda alýan ýigrimi bäş manat aýlygyndan atynyň we özüniň iýýän harjy çykylandan soň, elinde galanjasyny Orazgüle getirip berýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Men seniň ýol harjyňy bereýin. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem harç - harjym, harjyň.
Sarp etmek, harçlamak, sowmak, ýoklamak.
Köp pul harç edip, iýer-içer ýaly zat aldylar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)