har har 1

[ha:r]

Taşlanan, zyňlan.

har düşmek

Hor-homsy bolmak, horlanmak, basalanmak.

  • Seýitmyrat aga, meni eýwanyň öňünde ýatan itleriçe-de görmediler. («Türkmen pýesalary»)

  • Olaryň ýanynda adam itden hem har düşüpdir. («Türkmen pýesalary»)

  • Dirilik galmandyr mende, Bu gün har düşüpsiň sen-de. («Görogly» eposy)

har etmek

Bigadyr görmek, gadyrsyz saklamak, gymmatyny gaçyrmak.

  • Az iýip, az uklap, ýene az sözle: köp söz ahyr il içinde har eýlär. (Magtymguly)

har saklamak

Ugruna seretmezlik, idegsiz galdyrmak.

  • Bagynyň içini bejerip, hiç wagt ony har saklamandyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

har har 2

Könelişen söz seret eşek

  • Peýdasy ýok «bolsun ekip» gürläniň, Netije bermejek har dek arlanyň. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Debsedip aýagyn biçäre hary, Horlaýar ýol boýy, berýär azary. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • hara
  • haram
  • haramy
  • hardadam
  • hardady
  • hardan
  • hardyr
  • harlar
  • harlary
  • harly
  • harlyga
  • harsyz
  • harsyň
  • hary
  • harydam
  • harydy
  • harydymy
  • harynda
  • haryň