hapysa ha‧py‧sa

[hapy:sa]

  1. Arassalygy bilmeýän, arassaçylyk saklamaýan, hapa, nejis.

    • Hapysa, sümükli gyz dälmidiň sen. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Biz seniň ýaly hapysa-nejisleri derýa taşlap, Jeýhun derýamyzyň tämiz suwuny hapalap bilmeris, seniň ýaly itleri it gyzganyna daňarys. («Türkmen pýesalary»)

  2. Arassa däl, hapa-hupa dökülen, hapalyk (ýer hakda).

    • Ýasawul Hywanyň adamsyz, hapysa, egrem-bugram köçesi bilen Aşyry öňüne alyp ugrady. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)


Duş gelýän formalary
  • hapysalar
  • hapysalygy
  • hapysalyk
  • hapysasy