[ha:lyk]
Howudyň aşagyndan, düýäniň arkasyna atylýan ortasy deşik keçe.
Bu derýa balyklydyr, Düýämiz halyklydyr. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)
Düýäniň howudynyň üstüni örtmek üçin ýörite bezeg ýapysy.
Düýeleriň howutlaryna halyklar gerilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Könelişen söz Ýaradan, döreden, Hudaý.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem halyk - halygy.