halkalanmak hal‧ka‧lan‧mak işlik

  1. Halka bolup daňylmak, halka edilip baglanmak.

    • Olganyň tüňňüräk giň maňlaýyna abanyp duran gür saçlarynyň ýogyn goşa örümi ýeňsesinde halkalanýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýellenip halparmak, çala çişip pökgermek, halka görnüşine gelmek.

    • Ýaş ýigidiň bu ýere ilkinji gezek gelýänini aňyp, kelte boýly, gözleriniň öňi halkalanyp duran agaçet adam eli bilen yşarat edip, sapary öz ýanyna çagyrdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Mamanyň gabalary halkalanypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Bir zadyň daşyna tegelenmek, aýlaw bolmak, halka guramak.


Duş gelýän formalary
  • halkalanmagy
  • halkalanmasy
  • halkalanyp
  • halkalanypdyr
  • halkalanýar
  • halkalanýardy