Geýim, don.
10 legen çelpek, 8 bedre palaw, 12 ýüpek halat bar. («Tokmak» žurnaly)
Aslynda galyň töläp, ýerli-ýerinde halat-serpaýyny jaýba-jaý edip öýlendirmäge garryda güýç ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Aýry-aýry ýagdaýlarda keselhanalarda, laboratoriýalarda eşigiň üstünden geýilýän ýektaý pisint giň we uzyn geýim.
Egnindäki ak haladyny çykaryp, tamyň diwaryndan asdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Birine sylag hökmünde berilýän serpaý, sowgat.
Ýelli, sen ýöne haladyňy taýýarlaber, işleriň hemmesi oňuna boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem halat - halady.
[ha:lat]
Wagt, döwür, zaman, mahal, pursat.
Şol halatda radio söze başlady. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Men şol halatda onuň iki aýagyndan ýapyşdym. (Myraly)
Ýagdaý, ahwalat.
[ha:lat]
Dini düşünje boýunça: gudrat, ajaýyp güýç.