hakykat ha·ky·kat at

[haky:kat]

  1. Çyn, dogry, hakyky, hak.

    • Biri diýdi: -- Men onuň çyn hakykat daýysy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Onuň öleni hakykat, oňa hiç şek-şübhe ýok, indi Wepa bu dünýäde ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Hakyky bar bolan zatlar, adamlaryň ýaşaýşynyň obýektiw şerti, reallyk, durmuş.

    • Eger düşünjeler hakykaty dogry suratlandyrýan bolsalar, olar diňe şonda dogrudyrlar. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

    • Ine, hakykatyň öňünde özüni ýazykly edip, onuň tapan gürrüňi hem şu boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • hakykat-da
  • hakykata
  • hakykatam
  • hakykatda
  • hakykatdaky
  • hakykatdan
  • hakykatdanam
  • hakykatdy
  • hakykatdygy
  • hakykatdygyna
  • hakykatdygyny
  • hakykatdyr
  • hakykatlar
  • hakykatlara
  • hakykatlary
  • hakykatlaryna
  • hakykatlaryny
  • hakykatlarynyň
  • hakykatlaryň
  • hakykatlygy
  • hakykatlygyna
  • hakykatlygynda
  • hakykatlygyny
  • hakykatlyk
  • hakykatlykdyr
  • hakykatmy
  • hakykatmyka
  • hakykatmyş
  • hakykatsyz
  • hakykaty
  • hakykaty-da
  • hakykatydyr
  • hakykatymy
  • hakykatymyz
  • hakykatymyzyň
  • hakykatyn
  • hakykatyna
  • hakykatynda
  • hakykatyndaky
  • hakykatyndan
  • hakykatyny
  • hakykatynyň
  • hakykatyň
  • hakykatyňam