hak 1 at

  1. Çyn, dogry, hakykat, mamla.

    • Heý, gepiň hak çykan wagty boldymmy? (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

    • Bu gürrüň hakmy, nähakmy, onçasy mälim däl. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Tüýs, hakyky.

  3. Ygtyýar, hukuk.

    • Her bir adamynyň agaç çapmaga haky bar ekeni. (Orta asyrlar taryhy)

    • Öz söýgüsine wepadar, ykraryna berk, päk kalply bir söýgüli tapan bolsaň, meniň ol ara düşmäge hakym ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Hakykata laýyk gelýän, adalatly, ýerlikli, dogry.

    • Siziň ony urýanyňyzy kim hak diýip bilse, şol adamyny meniň ýanyma alyp geliň! (Myraly)

  5. Dini söz seret hudaý

    • Men onuň hojalyk işlerine gatyşmagymy bes etdim we onuň işlerini (özüni-de) haka tabşyrdym. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

hak gözünden eşitmek

seret göz

  • Hak gözünden eşitdiňmi? -- diýip, ol ýigide seretdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

hak öýüne barmak

Könelişen söz seret barmak

hak 2 at

  1. Edilýän işe, çekilen zähmete tölenýän pul, aýlyk-günlük, muzd, töleg.

    • Olar talaban durup, goýun bakyp alan haklarynyň hem bir köpügini sowman, kakasyna getirip tabşyrardylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Gowy işleseň, hakyňy hem artdyryn, geýim-gejim hem ederin. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

  2. Bölünişikde ýetýän paý, ülüş, bölek.

    • Ol hemme zatdan hakyny aljak bolup, iki elini ýaryşdyryp işleýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Mirasdan ýumruk ýetse-de hakyňy al. (nakyl)

  3. Alynmaly zat, öz zadyň, algy.

    • Ol hiç kim bilen höwesjeň gürleşmän, degşip-oýnaşman, birinde haky köýen ýaly sortdurylyp, gyşarylyp ýörýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ala gargada hakym bolsa, gyş gelmese, ýaz geler. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • hak-da
  • haka
  • hakam
  • hakda
  • hakdady
  • hakdadygy
  • hakdadygyny
  • hakdadyr
  • hakdaky
  • hakdamy
  • hakdan
  • hakdy
  • hakdygyna
  • hakdyr
  • haklar
  • haklara
  • haklarda
  • haklary
  • haklaryna
  • haklarynda
  • haklaryndan
  • haklaryny
  • haklarynyň
  • haklaryň
  • hakly
  • haklydy
  • haklydyr
  • haklydyrlar
  • haklygyň
  • haklyk
  • haklylygy
  • haklymyzyň
  • haklynda
  • haklyň
  • hakmy
  • haksyz
  • haksyzlygyna
  • haksyzlygyň
  • haksyzlyk
  • haky
  • haky-da
  • hakydam
  • hakydy
  • hakydyr
  • hakym
  • hakymam
  • hakymda
  • hakymdan
  • hakymy
  • hakymydy
  • hakymyz
  • hakymyzy
  • hakymyň
  • hakyn
  • hakyna
  • hakynam
  • hakynda
  • hakyndady
  • hakyndadyr
  • hakyndaky
  • hakyndan
  • hakyny
  • hakynyň
  • hakyň
  • hakyňa
  • hakyňda
  • hakyňdan
  • hakyňy
  • hakyňyz
  • hakyňyzy