Biri ýa-da bir zat barada mälim edilýän maglumat, aýdylýan gürrüň, duýduryş.
Onuň ýaly bolsa, habaryňy berip otur! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Käbir döwürleýin neşirleriň ady.
Ylymlar akademiýasynyň habarlary.
Döwürleýin neşirlerde çap edilýän makala.
Grammatik termin Sözlemiň eýesini bildirýän predmetiň hereketini, ýagdaýyny aňladýan baş agzasy.
Bir edilen işe, bolan ýagdaýa närazylyk bildirilip, birine ýüz tutulyp aýdylýan söz, aňlatma.
Ýeri kakasy, bu nä habar?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
seret habar tutmak habar tutmak
Birine bir zat diýmek, aýtmak, lak atmak.
Ol şol wagt uly doktoryň özüne habar gatanyny-da, eşitmän galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Aýnur eje sary murtly adma habar gatdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Biriniň ýa-da bir zadyň ýagdaýyny bilmek üçin, bir ýere baryp habar almak, soramak.
Ondan habar tutmak gerek. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Grammatik termin Diňe bir sözden bolan habar.