hüwdi hüw‧di

Ýaş çagany uklatmak üçin pessaý heňli aýdylýan aýdymjyk.

  • Bu sözler Ýagşymyrada süýt beren ejäniň hüwdüsi ýaly bolup lezzet berýärdi. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

  • Täze ýerde hüwdüler-de Täze sözdür, täze heň. (B. Seýidow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem hüwdi - hüwdüde, hüwdüler, hüwdüsi.


Duş gelýän formalary
  • hüwdini
  • hüwdiniň
  • hüwdiň
  • hüwdä
  • hüwdüde
  • hüwdüden
  • hüwdüdi
  • hüwdüdir
  • hüwdüler
  • hüwdüler-de
  • hüwdülerde
  • hüwdülerden
  • hüwdülerdir
  • hüwdülere
  • hüwdülerem
  • hüwdüleri
  • hüwdülerinde
  • hüwdülerini
  • hüwdüleriniň
  • hüwdüleriň
  • hüwdüsi
  • hüwdüsinde
  • hüwdüsinden
  • hüwdüsiniň