Bulam-bujar bolup duran, çaşyp duran, bulaşyk, hüwjük.
Ol hüžžük saçyny darap diňledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bu örän owadan pişikdi: çal, hüžžük tüýli, guýrugynyň ujunda bolsa gara tegmil bardy. («Mydam taýýar» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem hüžžük - hüžžügi.