Gepleşikde «hawa, dogry» diýen ýaly razylaşmaklygy görkezýän söz.
Bir zat barada edilýän pikiri, gümany aňladýan giriş sözi.
Hä, suwuň başynda seniň näme üçin egleneniňi, bilýärin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Güýçlendiriji ownuk söz bölegi.
Mugt bermedigine-hä gözüm ýetýär! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Gürrüňdeşiň gürrüňiňi diňläp, ýygy-ýygydan «hä» diýmek.