gyzyşmak gy‧zyş‧mak işlik

  1. Üşekligiňi aýyrmak üçin işlemek, hereket etmek, hereket edip ýylynmak.

    • Toparçak esgerler gyzyşmak üçin tans edýärler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir iş we ş. m. zat bilen gyzygyp gitmek, gyzyp başlamak.

    • Gürrüňe gyzyşmak.


Duş gelýän formalary
  • gyzyşan
  • gyzyşandan
  • gyzyşanlary
  • gyzyşar
  • gyzyşdy
  • gyzyşdygyça
  • gyzyşdylar
  • gyzyşmadyk
  • gyzyşmak
  • gyzyşsaň
  • gyzyşyp
  • gyzyşypdy
  • gyzyşypdylar
  • gyzyşypdyr
  • gyzyşypdyrlar
  • gyzyşypdyrys
  • gyzyşýanyny
  • gyzyşýança
  • gyzyşýar
  • gyzyşýardy