Gyzyl reňke öwürmek, gyzyl reňke boýamak, gyzyl reňk çalmak.
Ýokary temperatura zerarly köz ýaly etmek, çym gyzyl etmek.
Demir bölegi gyzartmak.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gyzartmak - gyzardýar, gyzardar, gyzardypdyr.