gyzarmak gy‧zar‧mak işlik

  1. Gyzyl reňke öwrülmek, gyzyl reňke geçmek, gyzgylt öwşün atmak; gan öýmek.

    • Gamçynyň degen ýerleri zaw-zaw bolup gyzardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gowaçalaryň uzynja baldaklary toplum durnalaryň injikleri ýaly gyzarýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Şapak, hem gyzaryp, gujagyn açdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Gyzaryp tenim görnenden, agaryp ýaman görünsin. (nakyl)

  2. Ýokary temperatura zerarly köz ýaly gyzyl bolmak, çym gyzyl bolmak (demir we ş. m. hakda).

    • Körüge sokan simleriň-de köz ýaly gyzarypdyr.

  3. Göçme manyda Gahar gelmek, gaharlanmak.

    • Halnazaryň gazaby içine sygmady, gyzardy, damarlary tarsyldap urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Annatuwak, sen nähak gyzarýarsyň, rahatlan! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözüň gyzarmak

seret göz

  • Onuň gyzaran, dumanly gözleri ýagtylan dek boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Seniň päliň azyp, gözüň gyzarypdyr.

ýüzüň gyzarmak

seret ýüz 1

  • Onuň ýüzi gyzardy, çekge damarlary tisgindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sapa hem ýaltalyk etmese, köpçüligiň öňünde meniň ýüzüm gyzarmazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol nähili ýadygärlik, neneňsi zat! -- diýdi we ýüzi çalaja gyzardy. (A. Gowşudow, Eserler)


Duş gelýän formalary
  • gyzaran
  • gyzarana
  • gyzaranam
  • gyzaranda
  • gyzarandan
  • gyzarandygyna
  • gyzarandygyny
  • gyzaranyny
  • gyzarar
  • gyzarardy
  • gyzardam
  • gyzardy
  • gyzardy-da
  • gyzardymy
  • gyzarjagyny
  • gyzarma
  • gyzarmaga
  • gyzarmagy
  • gyzarmagydyr
  • gyzarmagyna
  • gyzarmagynda
  • gyzarmagyny
  • gyzarmagynyň
  • gyzarmak
  • gyzarmaklyk
  • gyzarmaly
  • gyzarman
  • gyzarmandym
  • gyzarmanyň
  • gyzarmasa-da
  • gyzarmasy
  • gyzarmasyna
  • gyzarmasyndan
  • gyzarmasyny
  • gyzarmaz
  • gyzarmazmy
  • gyzarmaýar
  • gyzarsa
  • gyzarsa-da
  • gyzaryp
  • gyzarypdy
  • gyzarypdyr
  • gyzarypjyk
  • gyzarypmy
  • gyzarýan
  • gyzarýandygyny
  • gyzarýança
  • gyzarýar
  • gyzarýar-da
  • gyzarýardy
  • gyzarýardylar
  • gyzarýarlar
  • gyzarýarsyň