gyssamak gys‧sa‧mak işlik

  1. Bir zady wagtyndan öň, tiz gutarmak üçin howlukdyrmak.

    • Il şeýle bosga düşse-de, ony kowalaýan, gyssaýan ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Belli bir habar almak maksady bilen käýemek, öz erkine goýmazlyk.

    • Artyk ony erkine goýman gyssady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Öz erkine, peýwagtyna goýman sürmek (mal hakynda).

    • Malyňy gaty gyssama-da, arkaýynlyk bilen sür. («Görogly» eposy)

  4. Jan howluna azar bermek (keselli hakda).


Duş gelýän formalary
  • gyssabam
  • gyssadam
  • gyssady
  • gyssadylar
  • gyssadym
  • gyssama
  • gyssama-da
  • gyssamadylar
  • gyssamaga
  • gyssamagam
  • gyssamagy
  • gyssamagyn
  • gyssamajakdygyny
  • gyssamak
  • gyssaman
  • gyssamasa-da
  • gyssamasyny
  • gyssamazdy
  • gyssan
  • gyssandy
  • gyssandyr
  • gyssanlary
  • gyssanynda
  • gyssanyň
  • gyssap
  • gyssapdyr
  • gyssar
  • gyssara
  • gyssarsyň
  • gyssasaň
  • gyssasaňyz
  • gyssaýan
  • gyssaýar
  • gyssaýardy
  • gyssaýarlar
  • gyssaň