gysga sypat

[gy:sga]

  1. Uzynlyk ýa-da boý taýdan ýeterlik derejede bolmadyk, uzyn däl, kelte.

    • Biri gysga bolsa, birisi uzyn. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Bu ýüp gaty gysga.

  2. Göçme manyda Az, sähelçe (wagt hakynda).

    • Wagt gysga bolýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Türkmenistanyň teatral sungaty gysga wagt içinde ýokary derejä göterildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • gysgadan
  • gysgady
  • gysgadygy
  • gysgadygyna
  • gysgadygyny
  • gysgadyr
  • gysgadyrlar
  • gysgajasy
  • gysgalar
  • gysgalary
  • gysgaly
  • gysgalygy
  • gysgalygyna
  • gysgalygyndan
  • gysgalygyny
  • gysgalygynyň
  • gysgalygyň
  • gysgalyk
  • gysgalykdan
  • gysgamy
  • gysgaragam
  • gysgarak
  • gysgarakdyr
  • gysgasy
  • gysgasyny