gyryndy gy‧ryn‧dy

Dokma dokalanda halynyň ýüzünden gyrlyp aýrylýan ownuk ýüp bölekleri, şonuň ýaly-da her bir zadyň ýonulyp aýrylan ownuk bölegi, külkesi.

  • Halynyň gyryndysy.

gyzylyň gyryndysy ýaly

seret gyzyl 2

  • Ol gyzyň özi iş geýiminde bolsa-da, iş geýiminiň içinde gyzylyň gyryndysy ýaly bolup görünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • gyrynda
  • gyryndylar
  • gyryndylardan
  • gyryndylary
  • gyryndylaryny
  • gyryndylaryň
  • gyryndyly
  • gyryndysy
  • gyryndysyna
  • gyryndysyny