Kesilmek, ýolunmak, üzülmek.
Onuň üstünden guş bolup uçsaň, ganatyň gyryljak. (Myraly)
Ondan soň olar gyrlan zynjyry seplemäge başladylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gyryk çykmak, bogulmak, garjaşmak (ses hakynda).
Sesiň gyrlypdyr.
Köpçülikleýin ölmek, ölüp gutarmak.
Gyrylýanlar, yzyna çekilýen otrýadlar barada Çernyşowyň ştabyna yzly-yzyna aýylganç habarlar gelýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gyşyna bir siňek hem galman gyrlar.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem gyrylmak - gyrlar, gyrlypdyr.