gyryljyk gy‧ryl‧jyk

Çala boguk ses, çala ses, çala garyşyk çykýan ses.

  • Aleýkim! -- diýip, gyryljyk ses bilen çep elini uzatdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Halnazar ýogyn, gyryljyk ses bilen hemle urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Juma öýdemi? -- diýip, ýaňky atly hoşamaňyz gyryljyk ses bilen sorady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyryljyk - gyryljygy.