gyrmak gyr‧mak 1 işlik

Baryny, hemmesini öldürmek, ýok etmek, öldürişdirip çykmak.

  • Öz ýerinde duşmany gyrýar gyzyl esgerler. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Şu gün bir ýere habar berseňiz, baryňyzy gyraryn. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Hüjüm çaglarynda düşseň ýadyma, Gyraryn duşmany, ýeňerin ony. (K. Işanow, Watan üçin)

  • Entek möjek kändir, biz ordanyň ýarsyny hem gyryp bilen däldiris. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gyrmak gyr‧mak 2 işlik

  1. Gazamak, ýonmak, ýüzüni ýylmamak.

    • Gyrgyç bilen gawunyň etini gyrmak.

  2. Kesmek, gyrkmak.

    • Dokmaçylar, ilki biri-biriniň ertirden bäri näçe gyrym gyranyny, näçe çitenini bilişdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Üzmek, ýolmak, ýok etmek.

    • Möýüň kerebin gyrdylar. («Mydam taýýar» gazeti)

  4. Ýüzüni arassalamak, tämizlemek.


Duş gelýän formalary
  • gyraly
  • gyralyň
  • gyran
  • gyrana
  • gyranam
  • gyrandan
  • gyrandygy
  • gyrandygyny
  • gyrandyklaryny
  • gyrandyr
  • gyranlar
  • gyranlardan
  • gyranlarymyzy
  • gyranlarymyzyň
  • gyranlarynda
  • gyranlyk
  • gyrany
  • gyranyny
  • gyranynyň
  • gyranyň
  • gyranyňy
  • gyrar
  • gyrarlar
  • gyraryn
  • gyrasy
  • gyraýsamam
  • gyrdy
  • gyrdylar
  • gyrdym
  • gyrgyn
  • gyrjak
  • gyrjakdyk
  • gyrma
  • gyrmaga
  • gyrmaga-da
  • gyrmagy
  • gyrmak
  • gyrmakda
  • gyrmakdyr
  • gyrmaklygy
  • gyrmaklyk
  • gyrmakçydyrlar
  • gyrmalar
  • gyrmaly
  • gyrmalydy
  • gyrman
  • gyrmanyň
  • gyrmasam
  • gyrmazlyk
  • gyrmaýar
  • gyrmaýyn
  • gyrsalar
  • gyrsaň
  • gyryp
  • gyrypdyr
  • gyrypdyrlar
  • gyryň
  • gyrýan
  • gyrýandyklaryny
  • gyrýar
  • gyrýardy
  • gyrýardylar
  • gyrýarlar