gyrkylyk gyr‧ky‧lyk

Goýun, geçi we ş. m. gyrkmak üçin ulanylýan, synna meňzeş uzyn demir gaýçy.

  • Olaryň ellerinde gyrkylyk bolsa, bizde suw ýaly ýaraglar bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Olaryň her biriniň öz gyrkylygy bar. («Kolhoz günleri»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyrkylyk - gyrkylygy.


Duş gelýän formalary
  • gyrkylyga
  • gyrkylygy
  • gyrkylygyň
  • gyrkylykdan
  • gyrkylyklar
  • gyrkylyklary
  • gyrkylyklaryny
  • gyrkylykly