gyrdyrmak gyr‧dyr‧mak 1 işlik

Baryny öldürtmek, öldürip gutartmak.

  • Az sanly gymmatbaha goşuny biderek gyrdyrmaň näme manysy bar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gyrdyrmak gyr‧dyr‧mak 2 işlik

  1. Içiniň etini gyrgyç bilen aldyrmak (gawun, garpyz we ş. m. hakda).

    • Gawun gyrdyrmak.

  2. Ýüzüniň büdür-südür ýerini düzletmek, ýüzüni ýondurmak, tekizletmek.

    • Tamdyranyň gapagyny ýene azajyk gyrdyrmak.

  3. Sesiňi bogdurmak, sesiňi zaýalatmak.

    • Köp gygyryp sesini gyrdyrmak.

  4. Üstünden gaýdyrmak, gyryp geçirmek.

    • Gaplaryň üstüni gyrdyryp, çyzykdan zyňlyp çykdy. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Tokaýy gyrdyryp uçýan samolýot, Gündizlige aýlandyrdy tokaýy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

göz gyrdyrmak

Trahoma zerarly ören et düwürtiklerini gyrdyrmak ýoly bilen bejertmek.


Duş gelýän formalary
  • gyrdyraryn
  • gyrdyraýmasam
  • gyrdyrdylar
  • gyrdyrjak
  • gyrdyrmak
  • gyrdyrmanyň
  • gyrdyrmaň
  • gyrdyryp
  • gyrdyrypdyr
  • gyrdyrypdyryn