Çakdanaşa, biri-birine öç, ganym duşman, tüýs duşman.
Ol biziň gyr duşmanymyz ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Nirede bir ýigrenýän zady, nirede bir myrryh görýäni.
Aý, şu haýran galmyş-da, kakasy gyr kakynydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Kä ýeri takyr we köp ýeri hem depelik bolup gidýän daşlyk ýer.
Ýetmiş ýaşly çala çataryn, ömrüňde il garasyny görmez ýaly ederin, gyrdan çykaryn! -- diýip, Mama gorkuzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kyrkçulbadan aňyrlygyna bolsa ownujak gyzgylt daşly gyr ýaýnap gidýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Şeherleriň gat-gat asmana galar, Gyrda elektrik ýalkymyn, salar. (Çary Aşyr, Poemalar)
Düýe gyrda bolsa-da, gözi şorda. (nakyl)
Gyrmyldan gyr aşar. (nakyl)
Juda köp, çendenaşa köp.
Ýaragy edil gyryň daşy ýaly ederis. («Türkmen pýesalary»)
[gy:r]
Çalymtyl at reňki.
Aýby ýok, gara at ölen bolsa, gyr at ölmändir. (Myraly)
Ýyldyrym dek ýüwrük gyr at astynda, Döwrüň kesgir, syrma gylyç destiňde. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)